
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär
Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş saparyna taýýarlyk boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.
Hasabatda bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýola goýuldy. Türkmenistan bilen Ýaponiýa halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ýaponiýanyň BMG-niň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy hem bellenildi.
Soňky 15 ýylyň dowamynda durmuşa geçirilen bilelikdäki iri taslamalar hem ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Gazhimiýany, elektroenergetikany, ulag ulgamyny, suw hojalygyny türkmen-ýapon strategik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezmek bolar.
Iki ýurduň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleri işjeň hereket edýär.
Ylym we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýär. Bu babatda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşy bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa boljak iş saparyna taýýarlyk görmegiň barşynda onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli maksatnamany hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary depginde ösdürilýändigini, iki ýurduň arasynda syýasy-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek üçin ähli şertleriň bardygyny aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine ýakyn wagtda bu dostlukly ýurda boljak iş saparyna gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi üpjün etmegi tabşyrdy.