Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny ýokary derejede bellemek boýunça guramaçylyk topary döredildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi üpjün etmäge borçly edildi.

Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek döwlet çärelerine gowy taýýarlyk görmek we bu çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen kabul edildi.

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer B.Seýidowa bu resminama bilen bagly degişli tabşyryklary berdi.