
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň işi kämilleşdiriler
Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara guramalar bilen bilelikde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.
Hasabatda bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň bütin dünýä boýunça awiasiýa işgärlerini okatmagyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmaga, okuw merkezleriniň arasynda hyzmatdaşlyga, tejribe alyşmaga gönükdirilen ýörite maksatnamasynyň çäklerinde zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi ýurduň howa ulaglary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamaga, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamakda halkara guramalar bilen ýola goýulýan gatnaşyklary berkitmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutany «Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň işini kämilleşdirmek bilen bagly teklibi makullap, agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.