Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrar

Aşgabat, 12-nji aprel, ORIENT. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparyna görülýän taýýarlyk boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Olaryň arasynda Ýaponiýa esasy orny eýeleýär. Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýola goýuldy. Geçen döwrüň dowamynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady döredildi. Mundan başga-da yzygiderli parlamentara we hökümetara gatnaşyklar ýola goýuldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa öňde boljak saparynyň dowamynda Osakada EXPO 2025 Bütindünýä sergisi sergisiniň çäginde 14-nji aprelde Türkmenistanyň Milli gününe bagyşlanan çärelere gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Bu waka, ýurduň gazananlaryny görkezmek we halkara abraýyny berkitmek üçin möhüm meýdança bolar.

Soňky 15 ýylyň dowamynda durmuşa geçirilen bilelikdäki iri taslamalar hem türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Gazhimiýany, elektroenergetikany, ulag ulgamyny, suw hojalygyny ýaly ugurlar ileri tutulýan strategik hyzmatdalygyň hatarynda görkezmek bolar. Türkmenistanyň Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy okgunly ösdürilýär. Bu bolsa ösen tehnologiýalaryň alyş-çalşyny ösdürýär we maýa goýumlaryny özüne çekýär.

Döwletara gatnaşyklaryny ulgamlaýyn esasda utgaşdyrmak maksady bilen, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleri işjeň hereket edýär. Bu gurluşlar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemekde we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde möhüm orna eýedir.

Ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýär. Bu babatda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşy bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, ýokary okuw mekdeplerinde ýapon dilini öwrenmäge üns berilýär. Bu bolsa ýurduň ýaş nesliniň arasynda ýapon medeniýetine we ykdysadyýetine bolan gyzyklanmanyň artýandygyny görkezýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa amala aşyrjak iş saparyna taýýarlyk görmegiň barşynda onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Hasabatyň ahyrynda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet Baştutanynyň garamagyna saparyň Maksatnamany hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa öňde boljak iş sapary iki dostlukly ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda möhüm ädim bolar we dürli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösmegine täze itergi berer.