Gümrük we demir ýol edaralarynyň arasynda özara baglanyşyk kämilleşdirilýär

Mary welaýat gümrükhanasy tarapyndan «Ýurdumyzyň gümrük çäginden gümrük üpjünçiligi bilen demir ýol ulaglarynda daşalýan harytlaryň wagonlaryndaky kybaplaýyş serişdeleriniň (plombalaryň) ýok edilmegi, zaýalanmagy, üzülmegi, goparylmagy bilen bagly düzgün bozmalaryň öňüni almak» atly pudagara maslahat geçirildi.

 

Maslahata Mary welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri hem-de «Demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň degişli şahamçasynyň hünärmenleri işjeň gatnaşdylar. Demir ýol ulaglaryndaky wagonlarda ýurdumyza getirilýän we üstaşyr geçýän ýüklerde wagonlardaky kybaplaýyş serişdeleriniň (plombalaryň) talaba laýyk saklanylmagy zerur şertleriň biri bolup durýar.

 

Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmekde bu işleriň örän möhümdigi aýratyn bellenilip geçildi. Bu ugurda milli kanunçylygymyza laýyklykda gümrük gözegçiliginiň talaba laýyk amala aşyrylyşy barada gümrük işgärleri giňişleýin çykyş etdiler.