«Demirgazyk – Günorta» ulag geçelgesiniň gündogar şahasyndan ýük geçirilişi düýpli artýar

Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly ýük daşamagyň möçberi düýpli ýokarlanýar. Ýylyň başyndan bäri bu ulag şahasy arkaly ýük geçirilişiň ösüşi 26 göterime deň boldy.

 

Şu ýyl Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçlegesiniň ähli şahalary boýunça konteýner ýük daşamagyň möçberi iki esse artdy. Bu öz gezeginde halkara ulag geçelgesine bolan gyzyklanmanyň barha artýandygyny görkezýär.

 

Ýylyň başyndan bäri, halkara ulag geçelgesiniň günbatar şahasy arkaly ýük geçirilişi 7 göterim, orta geçelegesi 10 göterim ýokarlandy.

 

Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň çäginden geçýär. Geljegi uly taslama hökmünde garalýan bu ýol häzirki wagtda ýük geçirmekde uly ähmiýete eýe boldy.