
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlarynyň ýurdumyza gelmegini ýeňilleşdirmek hakynda kanun taslamasy taýýarlanýar
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahatynda «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy, bu goşmaçalar we üýtgetmeler daşary ýurt raýatlarynyň ýurdumyza gelmeginiň düzgünini ep-esli ýeňilleşdirer.
Kanuna daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan maglumatlar ulgamynda resmileşdirilýän elektron resminama — elektron wiza bermek bilen bagly kadalar goşulýar. Bu täzelik Türkmenistanyň sanlylaşdyrmak we döwlet hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça ileri tutulýan milli strategik ugurlaryna doly derejede gabat gelýär.
2012-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň «Migrasiýa hakynda» kanuny öz hereket edýän döwründe 13 gezek täzelendi we kämilleşdirildi. Häzirki teklip edilýän üýtgetmelerden öňki iň soňky täzelenme 2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda hasaba alyndy.