
Türkmenistanyň Prezidentine Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory ady berildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýaponiýanyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory ady dakyldy. Bu barada "Türkmenistan" gazetiniň internet sahypasynda habar berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, şu gün «Imperial Tokyo» myhmanhanasynda Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentine akademiki derejäniň degişli diplomy gowşuryldy.
Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändigini, şunda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn ornuň degişlidigini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklar ýola goýuldy. Hususan-da, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda degişli resminamalar hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýurduň türkmen-ýapon gatnaşyklaryny geljekde has-da berkitmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.
Soňra jenap Kýosuke Nagata Prezident Serdar Berdimuhamedowa Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory diýen adyň diplomyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bu sylagyň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, aýratyn-da, bilim ugurly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini beýan edýändigini aýdyp, şeýle ada eýe bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hem Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory diýen alymlyk derejesiniň degişli diplomynyň 2015-nji ýylyň martynda Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä sammitine gatnaşmak maksady bilen Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde gowşurylandygy habarda bellenilýär.