Türkmen-ýapon gepleşikleriniň netijesinde 15 resminama gol çekildi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Tokio şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba bilen gepleşikler geçirdi.

Gepleşikleriň netijesinde 15 sany resminama gol çekildi. Bu barada Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba tarapyndan gol çekilen Bilelikdäki Beýanatyna esaslanyp, habar berdi.

Habarda bellenilişine görä, gol çekilen resminamalar daşky gurşawy goramak, bilim, senagat ugurly önümçilik we suw hojalygy desgalaryny gurmak, salgyt hem-de maýa goýum ýaly hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlaryny öz içine alýar.