Owganystanly demir ýolçularyň täze tapgyry Türkmenistanda okuwlary geçdiler

Owganystanyň demirýol işgärleriniň ikinji tapgyry, "Türkmendemirýollary" agentliginiň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki hünär derejesini kämilleşdiriş mekdebinde okuwlary geçdiler. Hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçen owganystanly demir ýolçulara degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

 

Hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary 1-nji awgust - 30-njy noýabr aralygynda dowam etdi. 1-nji dekabrda ýaş hünärmenler Watanyna dolandylar.

 

Goňşy ýurtdan gelen hünärmenler demir ýol gurluşygy we wagon dolandyryş tehnologiýalaryny öwrendiler. 13 hünärmenden ybarat birinji topar 2023-nji ýylyň 16-njy ýanwaryndan 15-nji maýyna çenli Türkmenistanda demir ýol pudagy boýunça okuwlary geçip, bilimlerini artdyrypdylar. Nobatdaky ikinji tapgyrda bolsa, jemi 14 owganystanly demir ýolçy hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler.

 

Dört aýlap dowam eden okuwlar "Türkmendemirýollary" agentliginiň we Owganystanyň demir ýol edarasynyň arasynda 2021-nji ýylda gol çekilen Hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamany ýerine ýetirmegiň çäklerinde guraldy. 

 

Şu günler Aşgabatda "Türkmendemirýollary” agentliginiň ýolbaşçylary bilen Owganystanyň demirýol edarasynyň wekilleri bilen geçirilen gepleşiklerde türkmen tarapynyň goňşy döwletiň demir ýol pudagy üçin ýene-de hünärmenleri taýýarlamaga taýýardygy mälim edildi. Demirýolçularyň nobatdaky tapgyry üçin şeýle okuwlary Türkmenabat şäherinde ýerleşýän hünär derejesini ýokarlandyryş mekdebinde guramak meseleleri maslahatlaşyldy.