
Türkmenistanyñ Döwlet elektron hyzmatlarynyñ portalynda nädip hasabyňyzy döretmeli?
Türkmenistanlylaryñ köp berýän soraglarynyñ biri "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiñ "e.gov.tm" Türkmenistanyñ döwlet hyzmatlarynyň we wezipeleriniň bitewi portalynda nädip hasabyňy döretmeli?"
Munuñ üçin hasaba alnyş ýerinde adyñyzy, familiýañyzy, ykjam telefonyñyzyñ belgisini görkezmeli. Ygtybarly açar sözüni döredip, ony degişli ýere giriziñ. Açar sözüni ikilenç girizip, ony tassyklamaly.
Soñra Size kodly gysga SMS geler, ony bolsa degişli ýere girizmeli. Bu amallardan soñ, Siz Türkmenistanyñ döwlet hyzmatlarynyň we wezipeleriniň bitewi portalynda hasabyňyzy açarsyňyz.
Siziñ entegem akkaundyñyz ýokmy?
Ähli hyzmatlardan peýdalanmak üçin hasabyňyzy dörediň!
Häzirki wagtda portalda elýeterli hyzmatlaryñ sany 46-a ýetdi.