Türkmenistanda täze kuwwatly karbamid önümçilik zawody gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäginde Balkan welaýatynda guruljak möhüm önümçilik desgasy bilen bagly ylalaşyga gol çekildi.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa), «Gap Inşaat Yatirim ve Diş Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) we «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekişildi.

Resminama laýyklykda, kompaniýalar topary Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Gyýanly obasynda karbamid önümçilik zawodynyň taslamasyny düzmek, üpjün etmek we doly gurup tabşyrmak boýunça işleri ýerine ýetirer. Zawodyň ýyllyk kuwaty 1,155 müň tonna barabar bolar.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň Ýaponiýa saparynyň çäginde 15 sany resminama gol çekilendigini habar beripdik. Bu resminama hem şolaryň biri bolup, ol iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigine güwä geçýär.