
Türkmenistan we ÝUNESKO bilelikdäki başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet işleri boýunça (ÝUNESKO) edarasynyň direktory hem-de BMG-niň ýanyndaky ÝUNESKO-nyň wekili jenap Eliot Minçenberg bilen duşuşyk geçirdi.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda guralan “Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogy” atly Ikinji duşuşygyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň we ÝUNESKO-nyň bilim, ylym we medeniýet babatdaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdiler.
Ministriň orunbasary Türkmenistanyň Bilim ulgamyndaky maglumat tehnologiýalarynyň instituty ýaly ÝUNESKO-nyň edaralary bilen hyzmatdaşlyk alyp barmak bilen, öňdebaryjy halkara çemeleşmeleri işjeň ornaşdyrýandygy barada aýratyn belledi. Hususan-da, bilim işiniň sanlylaşdyrylmagy, şol sanda milli sanly bilim platformasynyň işläp taýýarlanylmagy hem-de emeli aň esasyndaky häzirki zaman çözgütleriň ornaşdyrylmagy boýunça bilelikdäki işiň üstünlikli tejribesi barada bellenildi.
Minçenberg, öz nobatynda, 2023-nji ýylda gol çekilen Hereketleriň ýol kartasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamyndaky maglumat tehnologiýalarynyň instituty bilen özara gatnaşygynyň netijeliligine oňaýly baha berdi. Ol Türkmenistanyň öňdebaryjy bilim tejribeleri we tehnologiýalary alyşmaga ýardam berýän BMG-niň meýdançasyndaky başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny aýtdy.
BMG-niň ýanyndaky ÝUNESKO-nyň edarasynyň direktory durnukly ösüşi üpjün etmekde hem-de parahatçylygyň we ynanyşmagyň medeniýetini pugtalandyrmakda sanly tehnologiýalaryň ornuna bagyşlanan forum ýaly BMG-niň meýdançasynda ÝUNESKO-nyň ýolbaşçylygyndaky bilelikdäki çäreleriň geçirilmegine gyzyklanma bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar gazanylan ylalaşyklaryň bilim, ylym we medeniýet babatynda umumy maksatlaryň gazanylmagyna ýardam bermek bilen, Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açyp berjekdigine ynam bildirdiler.