
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy bilen duşuşyk geçirdi
15-nji aprelde saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Baştutany Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) başlygy Haýahsi Nobumitsu bilen duşuşdy.
Haýahsi Nobumitsu Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi we Prezident Serdar Berdimuhamedowy “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasynyň üstünli geçirilmegi bilen gutlap, bu çäräniň sergide ilkinji we täsir galdyryjy wakalaryň biri bolandygyny aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen “JBIC”-iň arasyndaky uzak möhletli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen belledi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet ösüş strategiýasy ylma esaslanýan önümçilikleriň döredilmegini, öňdebaryjy we ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň, nou-haularyň milli ykdysadyýetiň pudaklaryna giňden ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlarda ýapon kompaniýalary bilen durmuşa geçirilen taslamalaryň ähmiýeti bellenildi.
“JBIC”-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň netijeliligi belläp, Ýaponioýanyň işewür düzümleriniň hem-de maliýe edaralarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de netijeli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.