Türkmenistanyň ýollary Gyrgyzystany we Azerbaýjany amatly özara baglanyşdyryp biler
Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministrliginiň hem-de Azerbaýjanyň Alat halkara deňiz söwda portunyň ýolbaşçylary özara gepleşikleri geçirdiler. Gyrgyzystan - Özbegistan - Türkmenistan - Azerbaýjan halkara multimodal ulag geçelgesini ösdürmek ara alyp maslahatlaşmagyň esasy mowzugy boldy.
Gepleşiklerde Alat halkara deňiz söwda portunyň ýolbaşçylary Hazar deňziniň üsti bilen haryt dolanyşygyny artdyrmak isleýändiklerini mälim etdiler.
Degişli ulag geçlegesiniň netijeliliginiň Türkmenbaşy we Alat portlarynyň işjeňligi bilen berk baglanyşyklydygy bellenildi. Şundan ugur alnyp, ýurtlaryň degişli düzümleri tarapyndan ylalaşylan halatynda degişli ugurda ýük daşamakda ýeňillikli tarifleriň girizilip bilinjekdigi öňe sürüldi.
Duşuşykda şeýle hem, parom gämilerinde agyr ýükleri daşamakda hiç hili çäklendirmeleriň ýokdugy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, gyrgyzystanly ýük daşaýjylar hem beýleki ýurtlaryň agyr ýükleri daşaýjy kompaniýalary ýaly birmeňzeş tertipde Alat portunyň mümkinçiliklerinden bökdençsiz peýdalanyp bilerler.