
Astrahanda «Türkmen halkynyň medeniýeti, urp-adatlary we däp-dessurlary» atly «tegelek stol» duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Russiýa federasiýasyndaky Konsullygynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Astrahan muzeý-goraghanasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan «tegelek stol» duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, 15-nji aprelde «Türkmen halkynyň medeniýeti, urp-adatlary we däp-dessurlary» atly geçirilen bu çärä milli medeni jemgyýetleriň, ylmy we döredijilik jemgyýetçiliginiň, bilim we medeniýet edaralarynyň wekilleri, taryhçy-etnograflar, ülkäni öwrenijiler, arhiw işgärleri, ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň mugallymlary hem-de türkmen talyplar gatnaşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, «Tegelek stoluň» çäklerinde ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşinde hem-de halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkemeginde möhüm orun eýeleýän döwletara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy babatda türkmen halk medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Astrahanly türkmenleriň däp-dessurlaryna we ýaşaýyş-durmuşyna bagyşlanan çykyşlar beýan edildi.
Ýerli türkmenleriň we beýleki türki halklaryň medeniýetini, däp-dessurlaryny açyp görkezýän sergi myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi. Ekspozisiýada sungat eserleri, milli egin-eşikler we şaý-sepler görkezildi diýlip, habarda bellenilýär.