TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “TS-1” kysymly uçar kerosini we gazbeton bloklary ýerlenildi

16-njy aprelde, çarşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa önümleri we gurluşyk materiallary ýerlenildi.

Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen “TS-1” kysymly uçar kerosinini satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekillerinden olar gazbeton bloklaryny satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 1 674 3374,50 ABŞ dollaryna barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.