Türkmenistanyň we Filippinleriň Pakistandaky ilçileriniň arasynda duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki ilçihanasynda Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow bilen Filippinler Respublikasynyň Pakistanda täze bellenen ilçisi Emmanuel Fernandesiň arasynda duşuşyk geçirildi. 14-nji aprelde geçirilen duşuşykda taraplar sebitdäki ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Owganystanda ýagdaýlaryň durnuklaşmagyna we parahatçylygy berkitmäge bolan gyzyklanmalar beýan edildi. Bu barada Türkmenistanyň Yslamabatdaky diplomatik wekilhanasy habar berdi.

Ilçi A.Möwlamow Türkmenistanyň Hökümetiniň Owganystan bilen baglanyşykly infrastruktura we energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge hem-de owgan halkyna ynsanperwer kömekleri bermek syýasatyny dowam etmäge ygrarlydygyny nygtady.

Ilçi E.Fernandes, öz gezeginde, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatyna ýokary baha berdi.

Taraplar öz hökümetleriniň ikitaraplaýyn, sebitleýin we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge bolan ymtylmalaryny tassykladylar diýlip, habarda bellenilýär.