Türkmenistan we ABŞ migrasiýa hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdylar

16-njy aprelde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri bilen iş duşuşyk geçirildi. Duşuşyga ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň ikinji sekretary jenap Braýan Howard Grandjin gatnaşdy diýip, TDMG-niň saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň ýolbaşçylarynyň tagallalary netijesinde döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejede üstünlikli ösýändigini bellediler.

Taraplar Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky migrasiýa babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna baha berip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar migrasiýa babatynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de iki dostlukly halkyň bähbidine işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.