“Airbus” dikuçary uzak aralykdan planşet arkaly dolandyrmaga mümkinçilik berýän ulgamy işläp düzdi

“Airbus” kompaniýasy has aňsat we has ygtybarly dikuçar dolandyryşy üçin tehnologiýany kämilleşdirmegiň bir bölegi hökmünde dikuçarlary planşet arkaly özbaşdak dolandyrmaga mümkinçilik berýän ulgamy döretdi.

 

Kompaniýa, ýönekeýleşdirilen dolandyryş ulgamlarynyň bir bölegi bolan “UpNext” tehnologiýasyny synagdan geçirdi. Synaglar görüş duýgusyny ulanýan datçiklere, ýagdaýlara baha bermek we päsgelçilikleri kesgitlemek algoritmlerine we planşet esasly interfeýse – “HMI-e” esaslanýar.

 

Kämilleşdirilen “FlightLab” dikuçar platformasy bir sagadyň dowamynda uçuş, gonuş we uçuşdan öňki ähli barlaglary üstünlikli tamamlady.

 

Synag döwründe uçarman ýagdaýy dolandyryp islendik pursatda gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik döredildi.