
Ahmet Demirok: Türkiýe Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär
Türkiýäniň Syýahatçylyk hepdeligine bagyşlanan çärede Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok Ankaranyň Aşgabat bilen gatnaşyklaryň ösmegine uly ähmiýet berýändigini belledi.
«Ýurdumyz ähli ugurlar boýunça doganlyk Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berýär. Iki ýurduň arasyndaky medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem depginli ösýär» diýip ilçi belledi.
Ilçi 2023-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýä resmi sapary wagtynda 2025-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda güýje giren 13 ugur boýunça şertnama gol çekilendigini ýatlatdy.
Ahmet Demirokyň bellemegine görä, 2025-nji ýylda Türkiýe Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegi meýilleşdirýär we çäreleri geçirmek üçin anyk seneler hem-de şäherler boýunça gepleşikler dowam edýär. Bilelikdäki teatr we tans festiwallara gatnaşylmagyna garaşylýar.
Diplomat türkmen raýatlarynyň türk medeniýetine, aýdym-sazyna, teleseriallaryna we filmlerine bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda türkmen raýatlary üçin medeni maksatnamany giňeltjek Türkiýäniň Medeniýet institutynyň — Ýunus Emre medeni merkeziniň açylmagyna umyt bildirdi.