Türkmenistanda X-Road platformasynyň ornaşdyrylmagy boýunça işler alnyp barylýar

BMGÖM bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alyş-çalşygynyň synag ulgamynyň durmuşa geçirilmegini öňe sürmek» atly taslamasynyň çäklerinde döwlet edaralarynyň arasynda maglumatlaryň alyş-çalşygyny çaltlandyrmaga we ygtybarlylygyny gowulandyrmaga ýardam etjek X-Road platformasyny ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

X-Road – bu maglumat ulgamlarynyň arasynda paýlanýan maglumat alyş-çalşygynyň merkezleşdirilip dolandyrylýan derejesi bolup, hyzmatlaryň standartlaşdyrylan we howpsuz usulda öndürilmegini we ulanylyşyny üpjün edýär.

X-Road platformasynyň şu aşakdakylar ýaly artykmaçlyklary bar:

  • Gizlinlik. Maglumatlara diňe ygtyýarlandyrylan ulanyjylaryň girip bilmegini üpjün edýär;
  • Bitewilik. Maglumatlaryň tutuş ýol boýunça üýtgewsiz we takyk galmagyny kepillendirýär;
  • Ylalaşyjylyk. Esasy tehnologiýasynyň haýsy görnüşdedigine garamazdan, dürli ulgamlaryň we guramalaryň arasynda maglumatlaryň kynçylyksyz alyş-çalyş edilmegine mümkinçilik berýär.

Ozal biz Türkmenistanda pudagara elektron-maglumat alyş-çalyş ulgamynyň ornaşdyryljakdygy barada habar beripdik.