
Türkmenistan bilen Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkezi hyzmatdaşlyk barada ylalaşdylar
17-nji aprelde Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşler halkara gatnawlarynyň hukuk we logistika binýadyny kämilleşdirilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdiler.
Türkmenistan ýurduň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri bolan ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrundaky işlere yzygiderli ygrarlylyk görkezýändigi nygtaldy.
Söhbetdeşlikde taraplaryň ulag pudagyndaky gatnaşyklary giňeltmek babatynda täze amaly tekliplere taýýardygy mälim edildi.
Bu nukdaýnazardan, sebit we sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşant goşýan halkara ulag geçelgelerini döretmekde we ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň orny, şeýle hem halkara söwdasynyň we ykdysady ösüşiň amatly şertleri döretmek üçin tejribe we bilermenler derejesinde bilimleriň alyş-çalşygynyň ähmiýetini bellemelidiris.