
“Türkmenhimiýa” bilen “Daewoo E&C” Türkmenabatdaky zawodyň taslamasy boýunça Çarçuwaly ylalaşyga gol çekdiler
18-nji aprelde Seulda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow we Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we energetika ministri Dukgyn An gepleşikler geçirdi we zawodlar pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy.
Gepleşikleriň öň ýanynda bahasy 700 million ABŞ dollaryna deň bolan mineral dökün öňdürýän zawodyň taslamasy boýunça Çarçuwaly ylalaşyga gol çekmek dabarasy. Bu taslama “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň buýurmasy esasynda durmuşa geçiriler we “Daewoo E&C” koreý kompaniýasy potratçy hökmünde gatnaşar.
Zawodyň 2029-njy ýylda gurluşygy tamamlanandan soňra, mineral döküni öndürmek üçin fosfor gaýtadan işlener, bu Türkmenistanyň senagat we oba hojalygynyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga we ýurduň eksport mümkinçiligini diwersifikasiýalaşdyrmag ýardam eder diýlip garaşylýar.
Gepleşikleriň dowamynda ministr An Türkmenabatda mineral dökün öndürýän zawody gurmak baradaky taslamasy boýunça gutarnykly ylalaşy tiz wagtda baglanyşmagy teklip etdi we Türkmenistany geljekde goşmaça zawod gurluşyk taslamalaryna gatnaşmagyny üpjün etmek üçin Koreýa kompaniýalaryna goldaw bermegini dowam etdirmäge çagyrdy diýip, anna Günorta Koreýanyň Söwda, senagat we energetika ministrligi habar berdi.
“Daewoo Engineering” 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda taslama üçin ileri tutulýan dalaşgär diýlip yglan edildi we iki tarap hem şu ýylyň ahyryna çenli şertnama baglaşmagy maksat edinýär.