Türkmenistana täze «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gowuşdy
4-nji dekabrda Aşgabadyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gondy. Bu uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alýan şeýle kysymly häzirki zaman iki uçarynyň birinjisidir.
«Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary bir wagatda 368 ýolagçyny uzak aralyga äkitmäge niýetlenendir. Uçarlaryň enjamlaşdyrylyşynda iň öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de işläp taýýarlamalar ulanylýar. Täze uçarda eneler üçin orunlaryň we bäbekler üçin sallançaklaryň ýerleşdirilendigini bellemek gerek.
Milli awiaflotyň üstüni ýetiren täze uçar gonmasyz uçuş uzaklygy 11 müň 390 kilometre ýetýär, uçuş tizligi bolsa sagatda 905 kilometre deňdir.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, 2023-nji ýylda ýurdumyza iki sany «Airbus A330-200 P2F» (Fransiýa Respublikasy) kysymly ýük uçarlary gelip gowuşdy. Olar dürli ugurlar boýunça netijeli ýük daşamalary amala aşyrýarlar.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň geçen 10 aýynda “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 289 göterime barabar boldy.