«Stambul» howa menzilinde Ýewropada ilkinji gezek birbada üç uçara hyzmat edýän uçuş/gonuş ulgamy işe girizildi

Penşenbe güni, 17-nji aprelde «Stambul» howa menzili üç uçuş-gonuş zolagyny bir wagtda ulanmak ulgamyny işe girizdi. Bu diňe Türkiýe üçin däl-de, eýsem tutuş Ýewropa üçin hem ilkinji tejribe boldy. Häzirki günde uçuş-gonuş zolaklaryny ulanmagyň şeýle tehnologiýasy diňe ABŞ-da bar – diýip, AA.COM.TR habar berýär.

Ulgamyň dabaraly açylyş çäresine Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglu gatnaşyp, wakanyň taryhy ähmiýetini nygtady: «Bu diňe Türkiýe we ähli Ýewropa uçar gatnawlary üçin ilkinji tejribe bolmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä awiasiýasynda hem özgeriş nokady boldy. Türkiýe ABŞ-dan soň bu tejribäni ornaşdyran ýeke-täk ýurt boldy».

Uraloglu 2018-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda açylandan bäri «Stambul» howa menziliniň ýurduň hakyky «dünýä penjiresine» öwrülendigini belläp geçdi. «Ýylda 90 million ýolagçy geçirmek ukybyna eýe bolmak bilen, «Stambul» howa menzili Türkiýäni dünýä uçar gatnawlarynda öňdebaryjy orunlara çykardy. Millionlarça ýolagçylary kabul edýän bu häzirki zaman desgasy Türkiýäniň ykdysady we medeni kuwwatyny dünýä görkezip, onuň uçar gatnawlarynda öňdebaryjy agzalarynyň hataryna girmegine ýardam etdi» — diýip, ministr belledi.

«Stambul» howa menziliniň işlän ýyllarynyň dowamynda ol täsirli depginli ösüşi görkezdi: ilkinji işlän ýylynda 52 milliondan gowrak ýolagça hyzmat edilen bolsa, 2023-nji ýylda bu görkeziji 76 milliona ýetdi. 2024-nji ýylda «Stambul» howa menzili 80,1 million ýolagça hyzmat etmek bilen, «Uly howa menziller» derejesine (ýylda 40 milliondan gowrak ýolagçy) girip, Ýewropanyň reýtinginde ikinji we dünýä reýtinginde ýedinji orny eýeledi.