
Aşgabatda 21-nji aprelden başlap iki awtobus ugry üýtgediler
Aşgabatda 2025-nji ýylyň 21-nji aprelinden başlap, iki awtobusyň hereket edýän ugruna üýtgeşmeler giriziler. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň habaryna göra, 18-nji "Parahat 7 – Howa menzili" we 77-nji "Teke bazar - Awtokombinat" ugurlaryna bölekleýin üýtgeşmeleriň girzilijekdigini aýdylýar.
Täze tertibe görä, awtobuslar Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugry bilen hereket edip, Amyderýa köçesine günorta tarapa öwrülip, "Jahan döredijilik merkezine" bararlar. Soňra olar Alma-ata köçesiniň ugruna tarap hereketi dowam edip, Weli-Ahmedow köçesine demirgazyga tarapa ugryny dowam edip, Hoja Ahmet Ýasawy köçesi bilen öňki ugry boýunça öz herketlerini amala aşyrarlar.