Arkadag şäherinde YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler

Şu aýda Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatynda aýdyldy. Ol halkara çäräni geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda aýdylmagyna görä, geçiriljek çärä Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Forumyň esasy maksady YHG-nyň sebitinde Durnukly ösüş ugrunda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy ilerletmekden ybaratdyr. Bu çäräniň dowamynda Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerini çözmegiň ýollaryna garalar, şeýle hem gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin hemmetaraplaýyn we durnukly strategiýalary ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Duşuşygyň netijeleri boýunça Jemleýji resminamany kabul etmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere Arkadag şäherinde geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça Ministrler derejesindäki birinji forumyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.