Türkmenistanyň kärhanasy daşdan kagyz öndürmegi ýola goýdy

«Derýa ýoly» hojalyk jemgyýeti hem döwletiň goldaw-hemaýatlaryndan netijeli peýdalanyp iş tutýan kärhanalaryň biri bolmak bilen, innowasion tehnologiýalary üstünlikli ornaşdyryp, daşdan kagyz öndürmegi ýola goýdy. Bu önümler suw geçirmeýändigi bilen tapawutlanýar diýlip , türkmen metbugatynda habar berildi.

Kagyzlar öndürilende mermer daşynyň owradylan görnüşine polimer goşulýar. Munuň üçin ýurtda ýeterlik çig mal bar. Kagyzyň bu görnüşi depder, surat çekmek üçin niýetlenen uly kagyz, bukja ýaly harytlaryň, kartalaryň, kiçi göwrümli kitapçalaryň önümçiliginde giňden ulanylýar. Kärhananyň ýyllyk kuwwaty 5 müň 500 tonna kagyz öndürmäge ukyplydyr. «Ekoston» haryt nyşanly önümçilik türkmen işewürleriniň mümkinçiliginiň uludygyndan habar berýär.

«Şanly bedew» hojalyk jemgyýeti hem önümçilige Ýaponiýanyň, Italiýanyň, Türkiýäniň döwrebap tehnologiýalaryny ornaşdyrdy we şonuň netijesinde iş öndürijiligini has-da ýokarlandyrdy. Hojalyk jemgyýetiniň işe başlanyna ýaňy bir ýyl bolanam bolsa, öndürilýän ýokary hilli polat turbalar, profiller eýýäm geçginli harytlaryň hatarynda tanalýar.

Kärhanada galyňlygy 1,5 millimetrden 4 millimetre, diametri 33,7 millimetrden 114,3 millimetre çenli polat turbalaryň 14 görnüşi öndürilýär. Hünärmenler galyňlygy 1,5 millimetrden 4 millimetre, ölçegi 30x30 millimetrden 100x80 millimetre ýetýän polat profilleriň 13 görnüşiniň önümçiligini ýola goýdular.