«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýany güýje girdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahatynda «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýany kabul edildi. Ol «Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde işlenip düzüldi.

Bu täze kanun halkara tejribäni göz öňünde tutup, milli kazyýet ulgamyny, kazyýet önümçiligini kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlandy. Ol Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurtda kazyýet dolandyryşyny amala aşyrýan kazylaryň işiniň guramaçylyk-hukuk binýadyny, kazylary wezipä bellemegiň we wezipeden boşatmagyň tertibini, olaryň ygtyýarlyklaryny kesgitleýär.

Kanundaky üýtgeşmeler Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyk gelýär we ýurduň kazyýet ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň doly tekstini «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanyndan okap bilersiňiz.