Halkara işewürligi Aşgabatdaky söwda boýunça sergä uly gyzyklanma bildirýär

Aşgabatda geçiriljek “Halkara söwda we hyzmatlar” atly sergi-ýarmarkany hem-de “Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň 27 ýurdundan kompaniýalaryň we guramalaryň 63-niň hasaba alynmagy, daşary ýurt işewür toparlarynyň uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyklyk edýär. Foruma gatnaşmaga isleg bildirýänleri hasaba almak işi dowam edýär.

Şu ýylyň 29-njy apreli — 1-nji maýy aralygynda Söwda-senagat edarasynda geçiriljek bu çärelere taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni geçirilen Höküment mejlisiniň dowamynda hasabat berdi.

Bu çärä söwda toplumyna degişli hem-de ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň, guramalarynyň giň toparynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Serginiň çäklerinde halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda eksporty ösdürmek, sanly marketing, sertifikasiýa talaplary ýaly meseleler boýunça maslahat beriş duşuşyklarynyň, işewürlik geňeşmeleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar