Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Gazagystanyň Prezidenti resmi däl duşuşyk geçirdiler

22-nji aprelde, sişenbe güni Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew resmi däl duşuşyk geçirdi.

Kasym-Žomart Tokaýew, ähli türki dünýäsiniň halklary üçin mukaddes ýerleriň biri bolan Gazagystanyň ruhy paýtagty Türküstana sapar bilen gelendigi üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy bilen gutlady we BMG tarapyndan bu başlangyjyň goldanylmagy Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyna şaýatlyk edýändigini nygtady diýip, Akordanyň habarynda aýdylýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi we Gazagystany Türkmenistanyň esasy strategiki hyzmatdaşlarynyň biri diýip belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn geljeginiň bardygyny belläp, BMG-niň çäginde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek bardaky Türkmenistanyň başlangyjyny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.