
Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew Türküstanyň senagat parkyna baryp gördüler
22-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Gazagystanyň Prezidenti “SPK Turkistan” senagat parkyna baryp, ol ýerde gurnalan senagat sergisini synladylar.
Kasym-Žomart Tokaýew bilen Gurbanguly Berdimuhamedow kosmos senagaty, maşyn gurluşygy, metallurgiýa, gurluşyk pudagy, ýeňil, azyk we himiýa senagaty bilen meşgullanýan gazak öndürijileriniň hödürlän önümleri bilen tanyşdylar diýip, Akorda habar berýär.
Ýokary derejeli myhmanlara awtoulaglar, oba hojalygy we hojalyk harytlary, lukmançylyk enjamlary, senagat akkumulýatorlary, dokma, egin-eşik we beýleki önümler görkezildi.
“SPK Turkistan” senagat parkynyň döretmegiň esasy maksady – ýokary tehnologiýaly, importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümçiligi döretmekden şeýle hem Türküstan sebitiniň senagat pudagynda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklaryna gönüden-göni içerki we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bilen Gazagystanyň çig mal däl serişdeleriniň eksportyny ösdürmäge we öňe ilerletmäge goldaw we ýardam bermekden ybaratdyr.
Häzirki wagtda bu ýerde 6 sany maýa goýum taslamasy durmuşa geçirilýär, ýagyş we damjalaýyn suwaryş ulgamlarynyň, oba hojalyk traktorlarynyň, mekdep, lukmançylyk we ofis mebelleriniň, senagat sowadyjylarynyň önümçiligi ýola goýulandyr. Parky ösdürmegiň indiki tapgyrynda 70 gektar meýdanda 112 desganyň gurluşygy, şeýle hem 13 täze taslamanyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär.