
Türkiýäniň milli bilim ministri Ýusuf Tekin Aşgabada geldi
Milli bilim ministri Ýusuf Tekiniň ýolbaşçylygyndaky Türkiýe Respublikasynyň wekiliýeti 24-25-nji aprel aralygynda dowam etjek iki günlük sapary bilen Aşgabada geldi.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginde möhüm duşuşyklar meýilleşdirildi. Ol ýerde taraplar bilim ulgamy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Türk wekiliýeti Aşgabadyň birnäçe çagalar bagyna baryp, mekdepde çenli edaralaryň işi bilen tanyşar.
Saparyň medeni maksatnamasy Türkmen halysynyň milli muzeýine we Türkmenistanyň Döwlet muzeýine barylmagyny öz içine alýar. Bu bolsa myhmanlara ýurdumyzyň baý medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, ministr Ýusuf Tekin Aşgabat şäheriniň 131-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebine barar.
Saparyň esasy pursady Türkiýäniň bilim edarasynyň ýolbaşçysynyň 25-nji aprelde geçiriljek II Halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşmagy bolar.
Ozal biz, Abdullah Ereniň Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerine baryp görendigi barada habar berdik.