Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Pakistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň Goşmaça sekretary (Owganystan we Günbatar Aziýa) Saýed Ali Asad Gillani bilen duşuşdy. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşykda özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny mundan beýläk hem ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. TOPH (Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan) we TOP (Türkmenistan — Owganystan — Pakistan) ýaly bilelikdäki energiýa taslamalaryna, şol sanda bu taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen tagallalara aýratyn üns berildi.

Ilçi A.Möwlamow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp geçirilýän milli we halkara derejedäki çäreler barada hem durup geçdi.