Tokaýew: «Biz doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden hormat goýýarys»

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň Halkynyň assambleýasynyň 34-nji mejlisinde goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigi barada beýan edip, ony çykyşynyň dowamynda belläp geçdi.

Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Tokaýew öz çykyşynda goňşuçylygyň gazak halkynyň gadymy däbi bolandygyny, munuň «Көрші ақысы – тәңір ақысы» («Goňşyňy kabul edip, Hudaýa bergiňi gaýtarýarsyň») diýen nakylda beýan edilýändigini nygtady. Onuň sözlerine görä, bu däp şu günki günde-de dowam edýär, çünki goňşular milletine, dinine we diline garamazdan, umumy aladalar bilen ýaşaýarlar.

Prezident goňşy ýurtlar bilen aýratyn gatnaşyklary belläp geçdi: Russiýany esasy strategik hyzmatdaş we ygtybarly soýuzdaş hökmünde atlandyrdy. Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň çuňňur kökleriň bardygyny nygtady, gyrgyzlary «ganybir doganlar», özbekleri - «kowumdaş doganlar», türkmenleri bolsa - «garyndaş halk» diýip atlandyrdy.

«Biz ähli goňşy döwletler bilen doganlyk gatnaşyklaryny goldaýarys. Aramyzda çözülmedik meseleler ýokdur» - diýip, Tokaýew belledi. Ol şeýle-de Russiýa bilen serhet çäklendirmesiniň üstünlikli bolup geçendigini we Gyrgyzystan, Özbegistan we Täjigistan arasyndaky serhet meselesi boýunça ýakynda edilen taryhy ylalaşygy belläp geçdi.

Çykyşynyň ahyrynda Gazagystanyň baştutany, häzirki aladaly döwürde agzybirligiň we ylalaşygyň aýratyn gymmatlyga eýe bolandygyny, parahatçylygyň we durnuklylygyň jebisligiň we umumy tagallalaryň netijesi bolup durýandygyny nygtady. Bellemeli ýeri, bu çärä gazak-türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, 21-22-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanda resmi däl sapar bilen boldy, şol saparyň dowamynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşyk geçirdi.