Türkmenistanyň Prezidentine ahalteke bedewleri sowgat berildi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherinde, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy.

Baýramçylyk çäresiniň barşynda ýurduň sebitleriniň zähmetkeşleriniň adyndan ahalteke bedewlerini sowgat hökmünde kabul etmek üçin Prezident Serdar Berdimuhamedow uly hormat bilen dabaralar meýdançasyna çagyryldy. Bu ýerde döwlet Baştutanyna Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Arkaç, Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Gazal, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Diýar, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Güneş, Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Pälwan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Ynamly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan Watançy, şeýle-de Arkadag şäheriniň atşynaslarynyň adyndan Parahat atly bedewler sowgat berildi hem-de tüýs ýürekden gutlaglar beýan edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň atşynaslarynyň adyndan sowgat berlen Parahat atly bedewiň boýnuna käbesi Ogulgerek enäniň ören alajasyny dakdy. «Munuň özi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe boldy» diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde teswirlenildi.