“Türkmenistan” awiakompaniýasy Kazandan Bankoka Aşgabadyň üsti bilen uçar gatnawlaryny ýola goýýar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabadyň üsti bilen Kazandan Bankoka ýolagçy uçar gatnawlaryny ýola goýýar. Degişli ugur boýunça uçuşlar 22-nji dekabrdan başlanýar.

Kazandan Bankoka uçuşlar anna we şenbe günleri, yzyna bolsa şenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrylar. Uçuş wagty 13 – 15 sagat dowam edýär.

Degişli ugra uçar biletleri satuwa çykaryldy.