Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi kesgitlenildi

Şu gün Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen baýramçylyk çäreleriniň barşynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy we onuň ýeňijisi yglan edildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, jemleýji tapgyra Garaduman, Jaňlygara, Pereňdagly, Meleguş, Patrak, Meýdanly, Gözbaş, Watançy, Pähimli we Kerwen atly jemi 10 at gatnaşdyryldy.

Bäsleşikde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» adyna 2020-nji ýylda doglan, Gerden we Tugly diýen bedewleriň nesli bolan, meşhur Gyrsakaryň ugruna degişli Meleguş atly mele at mynasyp boldy.

Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi bolan bedewiň seýsine Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy — «Toyota Camry» kysymly awtoulagyň açary, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy.