
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy
Şu gün Arkadag şäherinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen baýramçylyk çäreleriniň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugyna laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda geçirilen bäsleşigiň hem netijeleri yglan edildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, ýeňijilere:
— Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap häkimliginiň senagat, gurluşyk, arhitektura we ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bölüminiň birinji derejeli hünärmeni Ý.Gulowa «Bedew batly Watanym!» atly haly eseri;
— Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Ş.Orazberdiýewe «Altyn bezeg» atly at şaý-sep toplumy;
— Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaşçylyk kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby J.Gurbanowa «Behişdi bedewler» atly nakgaşlyk eseri;
— Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby G.Hanowa «Şan-şöhrata beslenen türkmen bedewi» atly heýkel eseri;
— Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby A.Gutlyýewe «Şa serpaýly bedewli halylar» atly senenama neşir işi;
— Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Halkara habarlar merkeziniň operatorlar bölüminiň bölüm müdiri B.Garlyýewe «Owazasy dünýä dolan Galkynyş» atly wideoşekili üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan baýraklar gowşuryldy.