Aşgabatda Kolumbiýa Respublikasynyň Ilçisi akkreditirlendi

28-nji aprelde, duşenbe güni Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ektor Isidro Arenas Neýra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ynanç hatyny gowşurdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy döwlet Baştutanynyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa Türkmenistan bilen Kolumbiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Taraplar halkara guramalarynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligini bellediler we BMG-niň çäginde öňe sürülýän başlangyçlary özara goldamagy dowam etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Kolumbiýanyň Ilçisi şeýle hem Türkmenistanyň DIM-de ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa tarapyndan kabul edildi. Diplomatlatar Türkmenistanyň we Kolumbiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmegiň, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň we Kolumbiýa Respublikasynyň Kongresiniň arasynda parlamentara dostluk toparyny döretmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary kolumbiýa tarapynyň 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda guraljak halkara forumyň işine gatnaşjakdygyna umyt bildirdi.