Türkmen-özbek ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow YHG-niň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak maksady bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Açilbaý Ramatowy kabul etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşykda myhman Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň türkmen döwletiniň Baştutanyna hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Arkadag şäheriniň özünde galdyran täsiri barada aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen gurlan bu «akylly» şähere haýran galandygyny nygtady. Şeýle hem ol Özbegistanyň Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny mähirli mübärekläp, YHG-niň forumynda öňe sürlen pikirleriň we teklipleriň geljekde gatnaşyjy ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutany forumyň sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewe mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň we Özbegistanyň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşan doganlyk ýurtlardygyny belledi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderine gadymy Samarkant topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi.