
BAE döwletiniň işewürleri Türkmenistanyň biržasyndan gazbeton bloklaryny satyn aldylar
Sişenbe güni birža söwdalarynda daşarky bazarda BAE döwletiniň işewürleri ýerli işewürlerden gazbeton bloklaryny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Eksport amallary gurluşyk materiallarynyň daşarky bazarynda ähmiýetli waka boldy – diýip, TDHÇMB-nyň saýtynda habar berilýär.
Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.