
Türkmenistan bilen YHG-niň Ylym gaznasynyň arasynda ylmy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ylym gaznasynyň prezidenti, professor Seýed Komail Taýebi bilen duşuşyk geçirdi. Onda taraplar Türkmenistan bilen YHG-niň Ylym gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna garadylar diýlip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we sebitde ykdysady ösüşi we integrasiýany höweslendirmek üçin ylym, tehnologiýa we innowasiýa ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýetlidigini bellediler.
Mundan başga-da, ylmy ugurda hyzmatdaşlygyň özara düşünişmegiň berkemegine, ösen tehnologiýalary alyşmaga we umumy ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşýandygy bellenildi.
Energetikanyň, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ösüşi, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça gözlegler, oba we suw hojalygyndaky innowasiýalar, sanlylaşdyrmak we häzirki zaman IT tehnologiýalaryny ornaşdyrmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.