Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa toplumy okgunly ösýär
"Türkmenhowaýollary" agentligi şu ýyl hödürlenýän hyzmatlaryň mukdaryny ýokarlandyrmakda ulag-kommunikasiýa toplumynyň pudaklarynyň arasynda has uly ösüşe eýe boldy. Ýanwar-noýabr aýlarynda raýat awiasiýa pudagy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 199 göterim ösüş depgini gazandy.
Geçen 11 aýda "Türkmenawtoulaglary" agentliginde 117 göterim, "Türkmendemirýollary" agentliginde 106,5 göterim we "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginde 105,2 göterim ösüş gazanyldy.
Umuman alanyňda, ýanwar - noýabr aýlarynda ulagyň ähli görnüşleri boýunça ýük daşamak işinde 3,9 göterim, ýolagçy gatnatmakda 5,1 göterim ösüş depgini gazanyldy.
"Türkmenaragatnyşyk" agentliginde hem oňyn görkezijiler gazanylyp, ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 111,5 göterime deň boldy.
Ulag we kommunikasiýalar toplumy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 121,3 göterime deň boldy.