Turkish Airlines Stambul-Aşgabat ugry boýunça biletleriň aksiýasyny 23-nji maýa çenli uzaltdy

Turkish Airlines awiakompaniýasy Stambul-Aşgabat ugry boýunça awabiletlere bolan aksiýanyň uzaldylandygy barada habar berdi. Arzanlaşyk nyrhlar boýunça biletleri 2025-nji ýylyň 23-nji maýyna çenli satyn alyp bolar.

Aksiýa bir taraplaýyn TK0324 göni gatnawlara (312 ABŞ dollaryndan başlap) hem-de ikitaraplaýyn gatnawlara (579 ABŞ dollaryndan başlap) degişlidir. Biletleriň hereket ediş möhleti – 2025-nji ýylyň 5-23-nji maýy (şol güni hem hasaba almak bilen) aralygynda. Stambulda düşüp münýän Türkiýäniň beýleki şäherlerinden uçýan ýolagçylar üçin bellenen töleglere goşmaça töleg göz öňünde tutulan (bir tarapa 50 ABŞ dollary, ikitaraplaýyn 80 ABŞ dollary).

Öňünden sargyt etmek we giňişleýin maglumat üçin Turkish Airlines awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki satuw edaralaryna ýüz tutuň. Salgy: G.Kuliýew köç., 39 (Ussat binasy), telefon (+993 61) 01-44-33 ýa-da elektron poçta askabatbiletsatis@thy.com. Edara iş günlerinde sagat 09:00-dan 17:00-e çenli işleýär.