
Taýlanda uçýan Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna
Taýland Patyşalygyna syýahatlary meýilleşdirýän Türkmenistanyň raýatlaryna şu gün, ýagny 2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan Taýlandyň Migrasiýa gullugy tarapyndan girizilen täze talaplaryň güýje girýändigi barada ýatladýarys. Ozal bu barada “Türkmenistan” awiakompaniýasy habar berdi.
Indi, syýahaty amala aşyrmazdan öň, saparynyň maksadyna garamazdan, her bir ýolagçy hokmany ýagdaýda onlaýn tertipde sanly migrasiýa kartyny doldurmaly. Degişli elektron formasyny doldurmak üçin şu salga geçiň: https://tdac.immigration.go.th/arrival-card/#/home
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Taýlanda ugraýan öz ýolagçylarynyň ählisini bu amaly soňa goýman, öňünden onlaýn-hasaba alnyşy geçmäge çagyrýar.