Azerbaýjan türkmen we gazak deňiz portlaryny Rumyniýa bilen özara baglanyşdyrar
Azerbaýjanyň “ADY Container” kompaniýasy we “COSCO SHIPPING Lines” kompaniýasy Türkmenbaşy we Aktau portlaryndan Rumyniýanyň Konstansa portuna ýükleri daşamakda durnukly ulag geçelgesini döretmek taslamasynyň üstünde işleýärler.
Habarda bellenişi ýaly, bu ugur boýunça ýükleri demir ýol we deňiz ýollary arkaly bilelikde amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Azerbaýjan kompaniýalary Hazar deňzi arkaly türkmen we gazak deňiz portlaryndan konteýner ýükli demir ýol düzümleri alyp, demir ýol arkaly Gruziýanyň Batumi portuna we ol ýerden hem deňiz ýollary arkaly Konstansa daşar.
Batumi we Konstansa portlary aralygyna ýükler “COSCO SHIPPING Lines” kompaniýasynyň gämileri arkaly daşalar.
Häzirki döwürde Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýükleri üstaşyr geçirmek boýunça ägirt uly kuwwatlyklara eýedir. Bu ýerde döredilen infrastruktura toplumy Gündogar – Günbatar, Demirgazyk – Günorta ugurlary boýunça ýükleri üstaşyr geçirmäge giň mümkinçilikleri döredýär.