Merkezi Aziýanyň ulag geçelgeleri Astanada geçirilen bilermenler duşuşygynyň üns merkezinde boldy

11-12-nji dekabrda halkara platforma – Astana klubynyň mejlisi adybir şäherde geçirildi. Onuň maksatnamasyna 8 sany tematiki bölümçe mejlisleri, şol sanda Merkezi Aziýada giň gerimli arabaglanyşyga, sebit ösüşiniň täze mümkinçiliklerine bagyşlanan pikir alyşmalar girizildi. Her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen çärä öňdebaryjy analiz merkezleriniň, şol sanda Belgiýanyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Russiýanyň, Günorta Koreýanyň, Ispaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, ABŞ-nyň we Türkiýäniň döwlet edaralarynyň 40-dan gowrak wekili gatnaşdy.

 

Hususan-da, Ýewropa bilen Hytaýyň arasynda ulag ýollarynyň işjeňleşmegi bilen iki tarapyň arasynda ýerleşýän Merkezi Aziýanyň Günbatar bilen Gündogaryň arasyndaky arabaglanyşygyň pugtalanmagy bilen bähbitleri görüp başlandygy bellendi. Şanhaý şäheriniň Fudan uniwersitetiniň Russiýa we Merkezi Aziýa boýunça barlaglar merkeziniň professory Çžao Huaşeniň belleýşi ýaly: "Merkezi Aziýa Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky yklymüsti köprüdir.

 

ABŞ-nyň Bruking institutynyň Ählumumy ykdysadyýet we ösüş maksatnamasynyň uly işgäri Ýohannes Linn Merkezi Aziýanyň Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň (INSTC) ösmegine goşant goşandygyny aýtdy.

 

Ol Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmeginiň Merkezi Aziýanyň mysal üçin Pakistana we Hindistana elektrik energiýasyny ibermegini, şeýle hem Türkmenistandan Günorta Aziýa gaz iberilmegini öz içine alýandygyny belledi.

 

Duşuşykda şeýle hem Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda energiýa çeşmeleriniň üstaşyr geçirilmegi we “Orta geçelge” diýlip atlandyrylýan Transhazar halkara ulag ýoly (TITR) boýunça dialogy işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.

 

2022-nji ýylda “Orta geçelge” ýene üç ýurdy - Singapury, Litwany we Bolgariýany öz içine almak bilen geografiýasyny giňeltdi. Häzirki wagtda oňa 11 ýurt agza bolup, düzümine 25 ulag-logistika kompaniýasyny birleşdirýär.