
R.Meredow azerbaýjanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Azerbaýjanyň DIM-ine salgylanyp, «Report» habar berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň daşary işler ministrleri dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
«Ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly pikir alyşdylar we hyzmatdaşlyga esaslanýan däp bolan dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler» diýlip, habarda bellenilýär.
Ministrler döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki syýasy dialogyň, saparlaryň hem-de daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň geçirilmeginiň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar sebitdäki howpsuzlyk meselelerini, halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy we Hazar sebitindäki gatnaşyklaryň ýagdaýyny hem ara alyp maslahatlaşdylar.